Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Birinji çärýegiň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejede saklanýar
19.04.2023

2023-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde belledi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşyklary dowam etdirilýär.

Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, ylym we bilim ulgamlarynda hem özgertmeler amala aşyrylýar. Nebitgaz ýataklary özleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyklarynyň alnyp barylýandygyny, beýleki halkara taslamalary amala aşyrmaga-da taýýarlyk görülýändigini nygtady.

Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmegi we öz önümlerimiziň beýleki döwletlere iberilýän möçberini artdyrmak syýasatyny dowam etdirmegi, maýa goýumlary çekmegi, gelip gowuşýan daşary ýurt pulundaky serişdeleriň möçberini artdyrmagy möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça işleri geçirmek, hususy pudagyň paýyny artdyryp, ony ýurdumyzyň ykdysadyýetine işjeň gatnaşdyrmak üçin zerur çäreleri görmek wajypdyr.

Şu döwürde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görülmegi jemi içerki önümiň durnukly ösüşini saklamaga ýardam berdi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim artdy.

2023-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8,4 göterim ýokarlandy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 9,8 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Geçen döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 13,7 göterimine barabar boldy. 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy 10,7 göterim ýerine ýetirildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 44,8 göterimi önümçilik, 55,2 göterimi medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.