"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazçykaryş" tresti geçen ýylyň 11 aýynda 3 million 684 müň 540 tonna golaý nebit çykardy we bellenilen meýilnamany 9 göterim artykmaç ýerine ýetirdi. Tebigy gazy çykarmagyň möçberi 4 milliard 218 million 600 müň kub metre ýetdi. Şeýlelikde, meýilnama 166,92 göterim ýerine ýetirildi.
Balkan welaýatynda ýerleşýän "Nebitgazçykaryş" trestinden başga-da, "Türkmennebit" döwlet konserniniň düzümine "Nebitgazburawlaýyş" we "Nebitgazdüýpliabatlaýyş" trestleri girýär.
Gazanylan netijelere "Goturdepenebit", "Nebitdagnebit", "Gamyşlyjanebit", "Keýmir", "Gumdagnebit", "Galkynyşnebit" nebitgaz çykaryş müdirlikleri, şeýle hem "Körpeje" gaz çykaryş müdirlikleriniň goşantlarynyň uludygyny bellemek gerek.







