Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hasabat döwrüni nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnamany 106,7 göterim ýerine ýetirmek bilen tamamlady.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümine girýän bu senagat kärhanasynda ýylyň dowamynda 4 million 506 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Toplum ýurduň iň iri senagat desgalaryndan biridir.
Zawodlar toplumynyň işgärleri nebit önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde ýokary görkezijileri gazandylar. Olaryň hataryna benzin, kerosin, dizel ýangyjy, mazut, ýaglaýjy ýag, nebit bitumy, polipropilen we suwuklandyrylan gaz girýär. Önümler içerki we daşarky bazarlara iberilýär.







