Ýakyn iki ýylda Türkmenistanda nebitiň çykarylyşynyň durnukly ösmegine garaşylýar. Bu barada ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistanda nebitiň çykarylyşy boýunça neşir edilen çaklamasynda aýdylýar. Muny Trend agentligi Energetika maglumatlar müdirligine salgylanyp habar berýär.
Maglumatlara görä, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň birinji, ikinji, üçünji we dördünji çärýekde nebitiň we beýleki suwuk uglewodorodlaryň çykarylyşy günde ortaça 0,27 mln barrele deň bolar. Bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,8% artykdyr.
EIA-niň çaklamasyna görä, 2024-nji ýylda Türkmenistanda günde 0,27 mln barrel nebit çykarylar. Günde ortaçärýeklik çig malyň çykarylyşy 0,27 mln barrele deň bolar.