Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Aşgabatda geçirilýän sergide ýangyç-energetika toplumynyň üstünlikleri tanyşdyrylýar
21.09.2023

Aşgabatda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy. 20-nji sentýabrda öz işine başlan sergi, däp bolşy ýaly, Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän nobatdaky ykdysady gözden geçiriliş ösüşiň aýdyň ýoluna düşen milli ykdysadyýetimiziň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirmäge gönükdirilendir.

Türkmeniistanyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudagy bolan toplumynyň ýokary depginlerdäki ösüşi giň sergi bölüminde beýan edilýär. Sergide senagat taýdan ägirt uly kuwwatlyklara eýe bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebiti we gazy gaýtadan işlemek arkaly alnan eksport ugurly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan täze önümlerine, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernlerine aýratyn orun berlipdir. Diwarlyklarda ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň tapgyrlaryny, has takygy, «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişi, arassalanylan harytlyk gazyň öndürilişi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, polietilen we polipropilen hem-de ýokary oktanly benzin öndürmek üçin tebigy gazy senagat taýdan işlemegiň döwrebap tehnologiýalaryny özünde jemleýän gazhimiýa toplumlarynyň mümkinçilikleri görkezilýär.

Sergi 21-nji sentýabrda hem dowam eder. Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşurylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi