14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi O.Çaryýew Saud Arabystanynyň daşary işler ministriniň köptaraplaýyn halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary Abdul Rahman bin Ibrahim Al-Rassi bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, hususan-da, ykdysady, ulag-üstaşyr we energetika ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem köptaraplaýyn esasda alnyp barylýan gatnaşyklary berkitmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.