Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
BMG-niň Awaza forumynda ulag ulgamyna möhüm ähmiýet berler
24.07.2025

Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyň möhümligi onuň çäklerinde meýilleşdirilýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly çärelerinde şöhlelendirilen. Şeýle çäreler ähmiýetli gepleşikleriň geçirilmegine şert döredip, döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze binýadyny emele getirmäge goşant goşýar.

Çözülmegi oýlanyşykly we ylalaşykly çemeleşmeleri, dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň geljek üçin garaýyşlarynyň we meýilnamalarynyň gözden geçirilmegini talap edýän, köp döwletler üçin möhüm ähmiýeti bolan meseleler boýunça BMG-niň howandarlygyndaky ýokary derejeli forumy guramagyň ähli jogapkärçiligini Türkmenistan ýene bir gezek dolulygyna öz üstüne aldy. Ýurdumyzyň bu ugurda hyzmatdaşlyk garaýşy oňa ulgamlaýyn, anyk maksada gönükdirilen häsiýet bermegiň, degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy sebit meýdançasyndan Birleşen Milletler Guramasynyň derejesine çykarmagyň zerurlygyna esaslanýar. Şu ýylyň 11-nji aprelinde Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde 57 döwletiň awtordaşlygynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, sebit we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilen forumyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, şu ýylyň 4-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi hem-de bu ugurda degişli işleri alyp barmak boýunça tabşyryklary berdi. Wekilçilikli forum bilen bagly meseleler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 13-nji iýulda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiren guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar geografik taýdan ýerleşişi sebäpli ulag, söwda, ykdysady ösüş babatdaky kynçylyklar bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýarlar. Awazada geçiriljek maslahat diňe bir diplomatik ähmiýetli çäre bolman, eýsem, 570 milliondan gowrak ilata wekilçilik edýän 32 ýurt üçin öz ösüş strategiýalaryna gaýtadan seretmäge, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, kynçylyklary ýeňip geçmek üçin täzeçil çözgütleri tapmaga amatly mümkinçilikdir. Onuň çäklerinde ugurdaş çäreleriň, şol sanda foruma gatnaşjak ýurtlar, Türkmenistan we halkara guramalar tarapyndan ýerüsti ulag we aragatnaşyga bagyşlanan çäräniň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenýän 2025-nji ýylda ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek boýunça toplumlaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasyny işjeňleşdirmegi öňe sürýär. Şunda energetika geçişi we ulag arabaglanyşygy ýaly iki ileri tutulýan ugruň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu barada Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda hem bellenilýär. Ulag meseleleri BMG-niň aýratyn iş ugry hökmünde onuň gün tertibinde hemişelik orny eýelemelidir. Türkmenistanyň bu ugurdaky syýasaty ulag meseleleri boýunça gepleşiklere ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýet bermäge gönükdirilendir.

Dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykýan häzirki zaman meýilleriniň seljermesi ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmeginiň has möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Üstaşyr ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, çig maly we taýýar önümleri daşamagyň döwrebap üpjünçilik ulgamyny gurmak, esasan-da, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin birleşdiriji şerte öwrülýär. Şu nukdaýnazardan, täze üstaşyr ulag merkezleriniň mümkinçilikleri örän uludyr. Olara ägirt giňişlikler, adam mümkinçilikleri çekilýär, düýpli maýa goýumlar goýulýar. Bu işleriň ählisi ýurtlar bilen sebitleriň arasyndaky ösüş depgininiň tapawutly bolmazlygyny kepillendirýär. Dünýäniň iri bazarlaryna elýeterliligiň üpjün edilmeginiň, maýa goýum işini höweslendirmegiň, söwda eksport-import amallarynyň artdyrylmagynyň, bäsdeşligiň ýokarlandyrylmagynyň, ilatyň durmuş derejesiniň gowulandyrylmagynyň esasy şerti hökmünde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag-logistika düzümleriniň ösdürilmegi hemişe üns merkezinde saklanylýan ugurdyr. Bu meseläniň çözülmegi bu ugurda yklym derejesinde köp sanly wajyp taslamalary amala aşyrmak üçin işewürlik binýadynyň berkidilmegine ýardam eder.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy şertleriniň birine öwrülýän ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegiň zerurdygyna düşünmek bilen, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar — aýry-aýry döwletler, abraýly halkara guramalar bilen sebit we yklym ähmiýetli iri taslamalary öňe sürüp hem-de olary bilelikde amala aşyryp, döwrebap ulag düzümlerini döretmäge uly ähmiýet berýär.

Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hereket edýän halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hakynda Türkmenistanyň, Eýranyň, Omanyň, Kataryň hem-de Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşyk (Aşgabat ylalaşygy), üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy hakynda «Lapis Lazuli» Ylalaşyk, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi iň döwrebap ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we multimodal daşamalary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) çäklerinde-de özgertmeler amala aşyrylýar.

Ulag ulgamynda halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyz Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO), Howa ulagynyň halkara assosiasiýasy (IATA), Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentligi (EASA), Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU), Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy, Halkara Deňiz Guramasy ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge, halkara ykdysady, söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi Türkmenistanyň ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa düzümine işjeň goşulyşmagyna, ýurdumyzda multimodal gatnawlaryň sebit boýunça utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezleriň döredilmegine şert döredýär.

Diýarymyzda öňdebaryjy usullary we inženerçilik çözgütlerini ulanmak arkaly gurulýan demir ýol, awtomobil köprüleri yzygiderli ulanmaga berilýär. Olar ýurdumyzyň üstünden geçýän hem-de Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça uzaýan sebit we sebitara ulag ugurlarynyň döredilmegine ýardam edýär. Geçen ýylyň sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metre deň bolan demir ýol köprüsiniň açylyp ulanmaga berilmegi, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, “Turgundy” demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine girişilmegi ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýedigini tassyklaýar. Türkmenistany, Owganystany we Pakistany özara birleşdirýän Owganüsti demir ýol geçelgesiniň taslamasy Owganystana Hind ummanynyň deňiz portlaryna möhüm çykalgany üpjün edýär. Bu diňe bir ykdysady ähmiýetli taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň durnukly ösüşiniň hem wajyp şertleriniň biridir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda demir ýol ulagy pudagy meýilnamalaýyn esasda ösdürilýär. Täze kärhanalar açylyp, olara häzirki zaman tehnologik ulgamlar ornaşdyrylýar. Hereket edýän düzümlerde iň döwrebap tehnikalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna önümçilik kuwwatlyklary birnäçe esse artdyryldy. Okgunly ösýän milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etjek wagonlaryň we teplowozlaryň uly tapgyry satyn alyndy. Şunuň bilen bir hatarda, halkara howa aragatnaşygynyň işjeňleşdirilmegi üçin zerur şertler döredilip, howa gatnawlaryň çägi yzygiderli giňeldilýär. Bu işler milli awiakompaniýamyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandyny artdyrýar.

Awtomobil ýollarynyň gurluşygy hem ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda bu ýoluň Tejen — Mary bölegi açylyp ulanmaga berildi.

Ýokary tehnologiýaly optiki-süýümli ulgamlaryň çekilmegi bilen, aragatnaşyk düzümleriniň sany yzygiderli artdyrylýar. 2024-nji ýylda Serhetabat — Hyrat ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu taslama üstaşyr aragatnaşyk akymlarynyň möçberini artdyrmaga, Owganystanyň we Pakistanyň çäginden Hindistana çenli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny geçirmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistan milli telekommunikasiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmäge gönükdirilen özara bähbitli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlyga açykdyr. Şeýle hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly üstaşyr geçirijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryny ornaşdyrmaga, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny üstünlikli ösdürmäge ýardam berer. Şu ýylyň 4-nji aprelinde Samarkantda geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz ulag-kommunikasiýa pudagynyň strategik ugurlaryň biridigini, Gündogar — Günbatar hem-de Günbatar — Gündogar ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmegiň munuň esasy bölegi bolup durýandygyny belledi.

Şunlukda, Türkmenistan häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň möhüm bölegini düzýän ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant goşýar. Iri halkara forumlaryň hem-de ýokary derejedäki duşuşyklaryň birnäçesinde ulag akymlaryny artdyrmak, täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça teklipler beýan edildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda 2022-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat hem şolaryň hataryndadyr.

Hormatly Prezidentimiz maslahatda sanly ulgam arkaly eden çykyşynda ulag-aragatnaşyk ulgamynyň häzirki döwürde möhüm we aýgytly orny eýeleýändigini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin strategik taýdan ähmiýetli bu ugurda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi. BMG-niň howandarlygynda ýörite iş toparyny döretmek şolaryň hataryndadyr. Bu toparyň maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň bähbitlerini goramaga, bu ugurdaky işleri BMG-niň ugurdaş düzümleriniň işiniň ulgamyna, Baş Assambleýanyň “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakynda” Kararnamasynyň taslamasyna girizmäge gönükdirilendir. Nygtalyşy ýaly, şeýle resminama döwletleriň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge, degişli meseleleriň ähmiýetini açyp görkezmäge we olara düşünmäge ýardam berer, dünýä bileleşiginiň olary çözmäge eýerýändigini görkezmäge ukyply bolar.

Forumyň netijeleri Jemleýji Beýannamada berkidildi. Onda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady taýdan okgunly hem-de durnukly ösüşi üçin zerur şert bolup durýan netijeli ulag düzümini döretmekde, ulag ulgamyny ösdürmekde sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça işleri mundan beýläk-de goldamagyň zerurdygy bellenildi. Elbetde, munuň üçin degişli döwrebap düzümiň bolmagy, onuň işiniň halkara ülňülere we beýleki köp sanly görkezijilere, şol sanda multimodal gatnawlaryň talaplaryna laýyk gelmegi zerurdyr. Türkmenistan eýýäm bu ulgamda uly işleri amala aşyrdy. Soňky ýyllarda sebitiň ulag-kommunikasiýa ulgamynyň möhüm halkalary döredildi. Olaryň doly kuwwatlylyk derejesine çykarylmagy diňe bir biziň ýurdumyza we goňşy döwletlere däl, eýsem, yklym derejesinde hem uly peýda getirer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrebap milli deňiz söwda flotunyň döredilmegini ulag ulgamyndaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň häzirki zaman infrastrukturasy, düzüm bölekleri diňe bir häzirki zerurlyklary kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekde ýüze çykjak islegleri hem ýokary hilli hyzmatlar bilen kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Portuň doly kuwwatyna çykarylmagy yklymara ýük daşamalaryň logistik zynjyrlarynda düýpli özgerişlere getirer we Türkmenistanyň üstaşyr terminallary has gysga hem-de bähbitli ugurlar üçin iň amatly terminallar hökmünde bu zynjyryň möhüm halkasyna öwrüler. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagy Hazar deňzi sebitine uly göwrümli, agyr ýükleriň ulagyň dürli görnüşleri bilen getirilmegi, olaryň ýurdumyzyň çäklerinden Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine üstaşyr geçirilmegi babatda hyzmatdaşlygy täze derejä çykaryp, Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna ýardam eder.

Ýokary derejeli maslahatyň geçiriljek ýeri hökmünde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Merkezi Aziýada strategik taýdan amatly çäkde ýerleşýän Türkmenistan bu sebiti Hazar deňzi arkaly dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça başlangyçlary işjeň ilerledýär.

Şeýlelikde, taýýarlyk işleri batly depginde alnyp barylýan Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň gün tertibine girizilen meseleleriň oňyn çözülmegi netijeli halkara dialogda möhüm ähmiýetli çäre bolmak bilen, oňa täze itergi we mazmun berip biler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi