Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti täze gämileri gurar
02.09.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine iki sany gury ýük gämisini gurmak barada «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi