Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanda gaz pudagynyň eksport mümkinçiligi ýokarlanýar
29.08.2023

2023-nji ýylyň ýylyň ýedi aýynyň netijelerine görä, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy 114 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berildi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, gyş möwsüminde tebigy gaza islegiň artýandygyny nazara alyp, raýatlary, iri senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny hem-de daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin häzirden taýýarlyk işlerini geçirmek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz suwuklandyrylan gazyň we polipropileniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Iň baý uglewodorod ätiýaçlyklaryna eýe bolan Türkmenistan, dürli ugurlarda energiýa akymlaryny diwersifikasiýa etmek strategiýasyny durmuşa geçirmek arkaly eksportyň iberilmegini ep-esli artdyryp biler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistandan gaz üçin iň uly eksport bazary Hytaý bolup durýar. Onda ýylda 55 mlrd. kub metr bolan «Merkezi Aziýa-Hytaý» gaz geçirijisi boýunça berilmegiň umumy ylalaşdyrylan möçberinden 40 milliard kub metr Türkmenistan tarapyndan kanunlaşdyryldy.

Awgust aýynyň başynda paýtagtymyzda geçirilen üçtaraplaýyn sammitde türkmen tarapy Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan arasynda gaz pudagynda strategiki hyzmatdaşlygyň geljegine garamagy teklip etdi. Bu sammitiň dowamynda goýlan meseleleriň ýerine ýetirilmeginiň aýratyn taraplary, geçen hepde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary ýangyç we energiýa toplumyna jogapkär B.Amanowyň we öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçy bolup Türkmenistana gelen Özbegistanyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistanyň energiýa çeşmelerini daşary ýurtlara we ilkinji nobatda goňşy döwletlere ibermek üçin köp görnüşli ulgamyň döredilmegine aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň netijesinde taraplar türkmeniň tebigy gazyny Özbegistana ibermek hakynda täze şertnama baglaşmak barada ylalaşdylar.

Geçen hepdede Aşgabatda türkmen-yrak gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri hem maslahatlaşyldy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri we Yrak Respublikasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň duşuşygynda yrak tarapy ýangyç we energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek barada teklipler aýtdy.

Türkmenistanyň tebigy gazyny Eýran Yslam Respublikasy arkaly Yraga eltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan gaz geçirijisiniň we Hazar trans-gaz turbasynyň gurluşygy Türkmenistanyň gaz eksportynyň ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan iki uly energiýa taslamasydyr. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Yslamabat şäherine iýun aýynda eden sapary netijesinde TAPI gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki meýilnama gol çekildi. Bu tehniki-ykdysady esaslandyryşyň tamamlanmagyny we gurluşyk işleriniň gysga wagtda çaltlaşdyrylmagyny üpjün edýär.

Günbatara türkmen gaz üpjünçiligi barada aýdylanda bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary wagtynda Premýer-ministr Wiktor Orban bilen geçiren gepleşiklerinde Ýewropa wektorynyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolandygy we henizem dowam edýändigi bellenildi. Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlyga hemişe taýýardyr.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi iýul aýynda beren metbugat beýanatynda bu meselä ünsi çekdi. Türkmenistanyň Hazarüsti turba geçirijisi ykdysady nukdaýnazardan esaslandyrylan, Ýewraziýada energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde ep-esli goşant goşup biljek, üstaşyr geçirýän tarapyň aýdyň bähbitlerini we gyzyklanmalaryny berjaý etmek bilen ýewropaly sarp edijiler üçin çig mal çeşmelerine uzakmöhletleýin we üznüksiz elýeterliligi üpjün etjek hakyky taslama bolup durýar.