Wengriýa Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan energetika syýasatyna ýokary baha berýär hem-de bu babatdaky hyzmatdaşlyga taýýar, diýip TDH habar berdi.
Bu barada Serdar Berdimuhamedowyň Budapeşte saparynyň barşynda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda energetika ulgamy tagallalary birleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu babatda uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirip, öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň deň derejede bähbitlerini nazara almak esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa ugrunyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy bellenildi. Ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlyga hemişe taýýardyr.
Bellenilişi ýaly, Wengriýa Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýasyny we onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki halkara düzümleriň münberinden öňe sürýän ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky oňyn başlangyçlaryny doly goldaýar
Şeýle hem wenger tarapy ýurdumyzyň durmuşa geçirýän, diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan energetika syýasatyna ýokary baha berýär hem-de bu babatdaky hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.