Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda şu ýylyň başyndan bäri çig mallaryň 265 müň tonnadan gowragy işlenilip, bu baradaky meýilnama 106 göterim ýerine ýetirildi.
Bu ýerde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde dürli kysymly benziniň jemi 108 müň tonnadan gowragy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Şeýle hem öndürilen önümleriň 65,2 müň tonna golaýy dizel ýangyjy, 16 müň tonna golaýy agyr wakuum gazoýly, 11 ýarym müň tonna golaýy ýol bitumy, 1 müň 500 tonnasy mazut we beýleki gymmatly önümlerdir. Önümçiligiň durkunyň düýpli täzelenmegi, hereket edýän kuwwatly desgalaryň güýjünden netijeli peýdalanylmagy, hünärmenleriň we işçileriň zähmet çekmekleri üçin oňaýly we howpsuz iş şertleriniň döredilmegi önüm öndürilişiniň yzygiderli artdyrylmagyna, şonuň bilen birlikde hem kärhananyň maliýe-ykdysady ýagdaýynyň has-da ýokarlanmgyna ýardam edýär.
Kärhanada taýýar önümleri ýerleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu ýerde öndürilýän önümlere ýurdumyzyň içerki bazary bilen birlikde daşarky bazarlarda hem isleg artýar. Şu ýylyň başky 7 aýynyň dowamynda Özbegistan Respublikasyna benziniň 24,5 müň tonnasy, Özbegistan we Owganystan döwletlerine dizel ýangyjynyň 60 müň tonna golaýy, Gruziýa döwletine agyr wakuum gazoýlynyň 20 müň tonnasy, Birleşen Arap Emirliklerine mazudyň 1500 tonnasy eksport edilipdir. Önümleriň daşary ýurtlara çykarylmagy bolsa şol döwletler bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak bilen birlikde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna mynasyp goşantdyr.
Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ýurdumyzyň iň iri senagat kärhanalarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu kärhanada möhüm taslamalaryň ençemesiniň amala aşyrylmagy, durkunyň düýpli täzelenmegi önümçiligiň möçberiniň we hiliniň ýokarlanmagyna ýardam etdi. Munuň şeýledigine bu ýerde öndürilýän dürli görnüşli ýokary hilli önümler, gazanylýan ýokary netijeler aýdyň şaýatlyk edýär.