Türkmenistan Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly maslahatda eden çykyşynda belledi.
— Energiýa serişdeleriniň ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyna eýermek bilen, Türkmenistan energetika ulgamynda Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklaryny dowam etmäge taýýarlygyny mälim edýär — diýip, R.Meredow çykyşynda belledi.
— Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen bu gaz geçirijini gurmak başlangyjy ilkibaşda biziň ýurdumyz tarapyndan diňe bir ykdysady we söwda esasly taslama hökmünde garalman, eýsem, öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň gyzyklanmalaryny we deň bähbitlerini esas edýän durnuklylygy we ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün edýän taslama hökmünde göz öňünde tutuldy – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy belledi.