Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow Yrak Respublikasynyň Gazagystandaky Ygtyýarly wekilli Jaber Najma Abdullah Al Temimi bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň sosial ulgamlarynyň habaryna görä, duşuşygyň dowamynda Yrak wekiliýetiniň ýakyn wagtda Türkmenistana boljak sapary bilen baglanyşykly guramaçylyk we taýýarlyk meseleleri boýunça maslahatlaşyldy.
Duşuşykda taraplar ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny bellediler. Şeýle hem, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda ýangyç we energiýa toplumynda özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine baha berildi.
Ozal Yragyň Premýer-ministri Muhammet Şia al-Sudaniniň Hökümete agzalaryna Türkmenistandan we Katardan «mawy ýangyjy» import etmegiň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmegi tabşyrandygy barada habar beripdik.