Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Türkmengaz» DK-nyň pudaklaýyn instituty kükürti zyýansyzlandyrmagyň oňyn usullaryny işläp taýýarladylar
02.05.2023

Türkmenistanyň känlerinde tebigy gazy çykarmak prosesinde galýan kükürdiň uly möçberlerini zyýansyzlandyrmak meselesiniň oňyn çözgütlerini «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri işläp düzdüler. Bu barada YBI-niň direktory Baýrammyrat Pirnyýazow 26-27-nji aprelde Dubaýda geçirilen Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda eden çykyşynda belledi.

Türkmenistan gaz ätiýaçlyklary boýunça iri känleri, ilkinji nobatda — Galkynyş, Ýaşlar, Garaköl, Garajaowlak topaary känlerini açmak bilen tebigy gazy çykarmak geljekde ýokary kükürtli gazy çykarmak bilen bagly bola – diýip Pirniýazow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, kükürdi zyýansyzlandyrmak meselesi tehnologiýa nukdaýnazaryndan bolşy ýaly, ekologiýa nukdaýnazaryndan hem gaýragoýulmasyz çözgüdi talap edýär. Meseläniň oňyn çözgütleriniň biri hem turşy gazlary ýerasty plastlara ýüklemek bolup durýar diýip, alym dowam etdi. Onuň bellemegine görä, Ylmy-barlag institutynda birnäçe usullar öwrenildi, has dogrusy suw akymly gorizontlar, şol sanda kükürt wodorodyny ýa-da suwuk kükürdi öndürijilikli plastyň konturyndan aňyrky çäge yzyna ýüklemek, şeýle hem goňşy känleri boşan ýataklaryna ýüklemek usuly bar.

Institutyň direktorynyň aýtmagyna görä, plastlaýyn zyýansyzlandyrmagyň esasy ideýasy — paleoseniň buhar çökündileriniň aşaky paleogon ýokary bugly kawerz karbonat-sulfat galyndylaryny ýokary kükürtli gaz ýataklaryny döretmek maksady bilen ulanmak ýa-da gutaran plastlary ulanmak bolup durýar. 

— Köp sanly ýurtlarda ýokary kükürtli gazyň işläp taýýarlamak prosesinde durandygyny bilýäris. Beýleki kompaniýalaryň tejribesini we olaryň tapan çözgütlerini öwrenmek, şeýle hem gyzyklanma bildirýän maýadarlary kükürt wodorodyny we kükürdi zyýansyzlandyrmak meselesine çekmek biziň üçin gyzykly bolardy — diýip, Pirniýazow aýtdy.