Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan Özbegistan we Täjigistan bilen gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy teklip etdi
07.08.2023

Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammitinde türkmen tarapy gaz pudagynda strategiki hyzmatdaşlygyň geljegine garamagy teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow üçtaraplaýyn duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde metbugat maslahatynda aýtdy.

Energetika pudagynda, şol sanda, gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetine ünsi çekmek bilen, türkmen tarapy bu ugurda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasynda strategiki hyzmatdaşlygyň geljegine garamagy teklip etdi. 

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Galkynyş» gaz käniniň 3-nji we 4-nji tapgyrlaryny özleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ýakynda ýyllarda Türkmenistan tebigy gazyň çykarylyşyny azyndan 60 mlrd kub metre çenli artdyrmagy meýilleşdirýär diýip, R.Meredow belledi. Şeýle hem ol «bu artýan içerki gaz isleglerini üpjün etmek bilen bir hatarda, türkmen gazyny daşarky bazarlara çykarmakda hem möçberleri artdyrmaga mümkinçilik berer» diýip belledi.

Şunda iň ýakyn goňşularyň - Özbegistanyň we Täjigistanyň türkmen tebigy gazy bilen üpjün edilmeginiň ileri tutuljakdygy nygtaldy.