Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan we Russiýa Hytaýa gaz ibermekde ulgamynda bäsdeşler däldir — RF-niň ilçisi
04.08.2023

Russiýa we Türkmenistan Hytaýa gaz ibermek ulgamynda bäsdeşler däldir. Bu barada RF-niň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin TASS agentligine beren interwýusynda aýtdy.

«Russiýa-türkmen strategik hyzmatdaşlygy diňe bir sözde däl, eýsem, iş ýüzünde ýüze çykýar. Biziň ýurtlarymyzyň Hytaýa gaz ibermek ulgamynda hiç hili bäsdeş däldigini, tersine, Hytaýyň barha depginli ösýän bazaryny «mawy ýangyç» bilen üpjün etmek arkaly hyzmatdaşlykda işleýär» - diýip Wolynkin aýtdy.

Ilçiniň bellemegine görä, Russiýa hem, Türkmenistan hem uglewodorodlary ygtybarly iberijiler bolup durýar. «Şol bir wagtda biziň ýurdumyz Hytaýa esasan demirgazyk we demirgazyk-gündogar sebitlerine iberýär, şol bir wagtda Türkmenistan günbatar sebitlerine iberýär» - diýip ol belledi.

Russiýa we Türkmenistan şeýle hem gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk edýär. TASS agentligine RF-niň Aşgabatdaky öňki ilçisi Aleksandr Blohiniň habar berşi ýaly, «Gazprom» geçen ýylda Türkmenistandan 5 mlrd kub metr gaz satyn aldy. 2021-nji ýylda rus kompaniýasy Türkmenistandan 10 mlrd kub metr gaz satyn aldy. «Gazprom» bilen türkmen tarapynyň arasyndaky şertnama 2024-nji ýyla çenli hereket edýär.