Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan bilen Hytaýyň haryt dolanyşygy birinji ýarym ýylda 12,3% artdy
02.08.2023

2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 12,3% artdy. Ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň umumy möçberi $5,55 mlrd deň boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.

Umumy söwda deňagramlygynda ep-esli artykmaçlyk hasabat döwründe $5,07 mlrd deň bolan türkmen eksportyna degişlidir. Gas Hytaýa eksport edilýän esasy önüm boldy. Mawy ýangyjyň üpjün edilmeleriniň özüne düşýän gymmaty $5,05 mlrd deň hasaplanýar.

Öz gezeginde, Türkmenistan $476 mln-lyk hytaý harytlaryny satyn aldy. Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, Pekin Aşgabadyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanýar.

Türkmen tarapy HHR-e gazy Özbegistanyň we Gazagystanyň çäklerinden geçýän  «Türkmenistan — Hytaý» halkara magistral gaz geçirijisi arkaly iberýär. Häzirki wagtda gaz geçirijiniň Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň üstünden geçjek şahasynyň gurluşygy uly depginler bilen alnyp barylýar. Täze  «D» şaha türkmen gazynyň Hytaýa iberilmegini artdyrmaga mümkinçilik berer.