Birleşen Arap Emirlikleri Hindistan, Beýik Britaniýa we ABŞ tarapyndan döredilen Bioýangyjyň global birleşigine goşuldy. Bu barada BAE-niň Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy Suheýl al-Mazrui habar berdi diýip, TASS ýetirýär.
Ministrip bellemegine görä, BAE energetikany diwersifikasiýalaşdyrmagyň we bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmagyň çäklerinde «bioýangyja işjeň maýa goýum goýýarlar».
Halkara energetika agentliginiň bahalandyrmagyna görä, dünýäde bioýangyjyň önümçiligi 2030-njy ýyla çenli üç esse artmaly. Häzirki wagtda bioýangyjyň önümçiliginiň 80%-den gowragy dört bazarda: ABŞ-da, Braziliýada, Ýewropada we Indoneziýada ýerleşýär.