Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Awgust aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler
27.07.2023

26-njy iýulda wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Muhriddiniň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň şu ýylyň awgust aýynyň başynda Aşgabatda geçiriljek Sammitine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler boljak duşuşygyň meýilnamasynyň taslamasyny, gün tertibini hem-de Sammitiň jemleýji resminamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu nukdaýnazardan ministrler sebit hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.