Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, pudaklaýyn düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we işe energiýany tygşytlaýjy öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna nebit guýularyny netijeli özleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Prezident hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi hem-de olaryň maksadynyň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi, eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, ilatymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy üçin baý tebigy serişdeleri, nebitgaz pudagynyň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny netijeli peýdalanmakdan ybaratdygyny belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.