Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Katardaky ilçisini belledi
23.07.2023

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen, Myratgeldi Ballyýewiç Seýitmämmedow Türkmenistanyñ Katar Döwletindäki (Doha şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berdi. 

Katarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň açylmagy baradaky Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow «ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen» 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çekdi.

Türkmenistanyň Dohadaky ilçihanasynyň dabaraly açylyş dabarasy 2023-nji ýylyň 20-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Katar döwletine eden saparynyň çäginde geçirildi.