Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitgazçylar toparynyň ynamly ýeňşi
03.05.2023

Ýurdumyzda ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmeklige, ýaş türgenleri kämilleşdirmeklige, sagdyn durmuşy wagyz etmeklige uly üns berilýär. Şu maksatdan ugur alyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem sportuň dürli görnüşlerinde bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.

Ýakynda 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýaş türgenleriň arasynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň guramagynda şaýbaly hokkeý boýunça geçirilen açyk birinjiligi hem şeýle ýaryşlaryň biridir. Şaýbaly hokkeý boýunça geçirilen birinjilikde «Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazawtomatika» müdirliginiň «Oguzhan» hokkeý kluby aýratyn tapawutlandy. «Oguzhanyň» ýaş türgenleri ähli garşydaşlaryny uly hasap bilen ýeňmegiň hötdesinden geldiler. Geçirilen duşuşyklarda nebitgazçylaryň topary Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Şir» toparyny  10:2, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Bürgüt» toparyny 15:2, Içeri işler ministrliginiň «Galkan» toparyny 14:2 hasap bilen ýeňmegi başardy. «Oguzhan» toparynyň oýunçysy Dawut Adylowyň ýaryşyň iň ökde hüjümçisi diýlip yglan edilendigini hem bellemelidir.

Duşuşyklaryň netijesi «Oguzhanyň» düzümindäki türgenleriň has zehinlidigini, taýýarlyk derejesiniň güýçlüdigini aýan edýär. Geljekde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde oýnajak ýaş hokkeýçileriň öňünde uly wezipeler durýar. Biz olaryň ýurdumyzyň ýaşyl tuguny belentde parladyp, bäsleşiklerde, şol sanda halkara ýaryşlarynda ýeňişli ýollaryny dowam etjekdigine pugta ynanýarys.