Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag ýurtlarynyň maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi
21.07.2023

Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi diýip, TDH agentligi habar berýär.

Merkezi Aziýa we Aýlag ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek we özara söwda dolanşygynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak zerur bolup durýandygyny belledi.

 «Bu maksatlary amala aşyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Söwda palatasyny döretmek baradaky teklibi orta goýýarys» – diýip, döwlet Baştutany teklibi öňe sürdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, Maýa goýumlary babatda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçlikleri görýäris we Türkmenistan ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyga hemişe açykdyr.

«Şol sebäpli, 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip edýäris» – diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.