Oktýabryň 16-na Milli «Ak bugdaý» muzeýinde meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda geçirilen foruma türkmen we rus alymlary gatnaşdylar. Italiýanyň, Çehiýa Respublikasynyň alymlary oňa sanly ulgam arkaly goşuldylar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda rus arheologlarynyň Watanymyzyň taryhyny öwrenmekdäki goşantlaryna ýokary baha berilýär. Akademikler Wadim Masson we Wiktor Sarianidi dürli ýyllarda Magtymguly adyndaky halkara baýrak, beýleki döwlet sylaglary bilen sylaglandylar. Olaryň eserleri ýurdumyzda köpçülikleýin neşir edildi, açyşlary bolsa gadymy dünýäniň taryhy baradaky mekdep kitaplaryna girizildi. Masson we Sarianidi hakyndaky maglumatlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň eserlerinde-de öz beýanyny tapdy.
Ylmy duşuşygyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny we köptaraplylygyny şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň medeni mirasynyň öwrenilişine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.
Çärä gatnaşyjylar häzirki wagtda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň iki instituty, ýagny Moskwanyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa instituty hem-de Sankt-Peterburgyň Maddy medeniýetiň taryhy instituty bilen bilelikde döredilen türkmen-rus arheologik ekspedisiýalarynyň iş alyp barýandygyny bellediler. Döwlet Baştutanymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň girişinde dünýä belli arheologlaryň we taryhçylaryň ýurdumyzda ylmy gözlegleri, arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirip, köp sanly wajyp tapyndylary ýüze çykarandyklaryny, dünýä derejeli möhüm açyşlary edendiklerini belleýär. Bu giň gerimli işlere Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýä tanadan Rafael Pampelli, Wadim Masson, Wiktor Sarianidi we beýleki tanymal alymlar mynasyp goşantlaryny goşdular.
Gadymy Marguşuň paýtagty Goňurdepe barada aýry-aýry çykyşlar diňlenildi. Ol grek we rim ýyl ýazgylarynda “Margiana” diýlip atlandyrylypdyr. Bu şäher diňe bir Merkezi Aziýadaky bürünç asyryna degişli (b.e. öňki III müňýyllygyň ahyry — II müňýyllygyň ortalary) iň uly şäher bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi üçinem möhüm ylmy açyşdyr. Bellenilişi ýaly, ady rowaýata öwrülen arheolog Wiktor Sarianidi 1972-nji ýylda türkmen kärdeşleri bilen bilelikde Goňurdepäniň üstüni açdy we bu ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda jemgyýetçilik-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmäge, medeni mirasy, taryhy ýadygärlikleri düýpli öwrenmäge, rejelemäge, olary bütin dünýäde wagyz etmäge uly üns berilýär. Türkmenistanyň soňky ýyllarda daşary ýurtlarda muzeý gymmatlyklarynyň giň gerimli sergilerini guramakda baý tejribe toplandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, Gündogaryň taryhynda özboluşly orny eýeleýän gadymy Margianadan tapylan gymmatlyklaryň daşary ýurtlarda görkezilmeginiň ähmiýetine üns çekildi. Gadymy golýazmalaryň, şäherleriň ýadygärlikleriniň, Köpetdagyň eteklerinde ýerleşýän bürünç asyryna degişli Ulugdepe şäheriniň umumymedeni ähmiýeti, XX asyryň başynda polat ýollaryň ugrunda ýerleşen türkmen şäherleriniň durmuşy barada aýdyldy. Foruma gatnaşyjylar Paryzdepäniň heniz açylmadyk syrlaryny ýüze çykarmak, onuň medeni gatlaklaryny öwrenmek, taryhy tapyndylary gözlemek we hasaba almak işleriniň zerurdygyny nygtadylar. Munuň özi onuň taryhyny açyp görkezmäge, gadymy döwürlerde bu ýerde bolan şäher hem-de onuň ýaşaýjylary barada anyk maglumatlary toplamaga mümkinçilik berer.
Paryzdepe Gündogaryň taryhy şäherlerine mahsus bolan nusgawy şäher durkunyň düzümine eýedir we köp asyrlaryň dowamynda düýpli üýtgeşmelere sezewar bolan däldir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda Türkmenistanyň gadymy şäherleriniň ýerleşdirilişiniň müňýyllyklaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň gurluşyk medeniýetini ösdürmegiň nusgalary bolup hyzmat edendigi bellenilýär.
Forumyň çäklerinde myhmanlar açyk asmanyň astyndaky ýadygärlikler, hususan-da, gadymy Änew galasy we meşhur binagärlik toplumy bolan Seýit Jemaleddin ýadygärligi bilen tanyşdylar, şeýle hem olary ylmy esasda öwrenmek barada pikir alyşdylar. Foruma gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň ähmiýetini nygtap, dünýäniň taryhy-medeni gymmatlyklaryny, onuň aýrylmaz bölegi bolup durýan türkmen topragyndaky ýadygärlikleri we gymmatly arheologik tapyndylary öwrenmekde hem-de aýawly saklamakda özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen köpugurly mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyklaryny beýan etdiler.