Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň mejlisinde geljek ýyl üçin meýilnamalar maslahatlaşyldy
04.05.2023

Samarkandda geçirilen «Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý» gaz geçirijisini ulanmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 28-nji mejlisinde häzirki işler we geljek ýyl üçin meýilnamalar bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy diýip, «Uzbekneftegaz» PJ-niň metbugat gullugy habar berýär.

Mejlisiň dowamynda gaz geçirijiniň durnukly önümçilik ýagdaýyny üpjün etmek boýunça edilen işlere seljerme berildi, şeýle hem geljek ýyl üçin şonuň bilen bagly önümçilik, tehniki, ekologiýa we maliýe meýilnamalary kesgitlenildi diýip, metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

«Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý» transmilli gaz geçirijisi eýýäm 12 ýyldan bäri üstünlikli hereket etmek bilen, üstünden geçýän ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy barha berkidýär.

Özbek, hytaý, türkmen we gazak nebitgaz düzüminiň wekillerinden düzülen Utgaşdyryjy geňeşiň her ýylky mejlisi gaz geçirijini netijeli ulanmakda möhüm orun eýeleýär.