Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanda hususy ulgamda täze iş orunlary döredilýär
02.10.2024

24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde dürli ugurlardaky derwaýys wezipeleri we strategik maksatlary bellemek bilen, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşini üpjün etjek esasy faktorlary beýan edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda: «Nesip bolsa, geljekde has-da uly işleri amala aşyryp, kuwwatly kärhanalary, önümçilik merkezlerini, täze, döwrebap şäherleri, şäherçeleridir obalary gurarys. Ata Watanymyzyň görküni has-da gözelleşdireris» diýdi.

Ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýyny ýokarlandyrmak üçin halkyň jebisligi, razylygy we zähmetsöýerligi, şeýle hem ylym, bilim we medeniýetiň ösmegi esasy ähmiýete eýedir. Täze ýokary maksatlara tarap umumy milli hereketiň başynda innowasiýa we oňyn özgerişleri dörediji hökmünde ýaşlar hem telekeçiler durmalydyr.

Şunuň bilen baglanyşyklylykda, ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek we terbiýelemek boýunça zerur şertleri döretmek we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler bilen baglanyşykly döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek babatynda birnäçe mesele kesgitlendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň telekeçileri ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önüm öndürmek, azyk howpsuzlygyny berkitmek, döwrebap senagat kärhanalaryny, şäherleri we obalary gurmak ugrunda uly işler alyp barýarlar.

Telekeçiligiň täze görnüşleriniň we usullarynyň girizilmegine döwrüň talaby hökmünde garamak bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Milli maksatnamanyň kabul edilmegini möhüm meseleleriň biri diýip atlandyrdy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek ýyl geçiriljek mejlisine 2026–2052-nji ýyllarda dürli ugurlar boýunça ýurdumyzyň Ösüş strategiýalarynyň taslamalarynyň arasynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly resminamany-da taýýarlamak teklip edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dürli ugurlarda iş alyp barmak bilen, gysga döwrüň içinde guwandyryjy netijeleri gazanandygy aýratyn bellendi. Telekeçiler bäsdeşlik artykmaçlyklaryna eýe we eksporta gönükdirilen önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly önümçilik desgalarynyň ýola goýulmagyna möhüm goşant goşýarlar. Şonuň üçin ýurdumyzda kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmek üçin özgertmeler dowam etdiriler.

Ýerli telekeçiligiň ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine goşýan goşandynyň we öňde duran meseleleri çözmekde ýerine ýetirjek wezipesiniň ýokary baha laýykdygyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýokary döwlet baýraklaryna mynasyp bolanlaryň arasynda hususy pudagyň wekilleriniň uly bir toparynyň bardygy-da subut edýär. Bular «Ojar Aziýa», «Ýigit», «Altyn Ýunus», «Ajaýyp gurluşyk», «Owadan Ülke», «Batly-Gadam», «Täze Aý» ýaly adygan hususy kärhanalar, şeýle hem içerki we daşarky bazarlarda netijeli işleýän beýleki kärhanalarydyr hojalyk jemgyýetlerini esaslandyryjylar, dolandyryjylar we şolaryň işgärleridir.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»