Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Hökümet mejlisinde 2023-nji ýylyň ýanwar-aprelinde nebitgaz toplumynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy
05.05.2023

Penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 102 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,8 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 106,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,6 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 101,4 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 106,4 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 107,6 göterim berjaý edildi.

Prezident hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we tebigy gazyň, nebitiň çykarylyşyny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Döwlet Baştutany pudaga maýa goýumlary çekmegiň, toplumyň önümçilik kärhanalarynyň kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.