Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% derejede saklanýar
05.05.2023

2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% derejede saklanýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy. Onuň dowamynda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.

Prezident mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam etdirýändigini aýtdy. Ýurdumyzda şu döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde saklandy. Watanymyzyň ähli künjeginde köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalar guruldy hem-de gurulmagy dowam etdirilýär.

«Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde biz importyň ornuny tutýan harytlary özümizde öndürmäge çalyşýarys. Eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyrmagyň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam etdirýäris, sanly ulgama geçmegi we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi amala aşyrýarys» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ugrunda tutanýerli zähmet çekmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Mejlisiň dowamynda wize-premýer H.Geldimyradow 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlary aralygynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 13,2 göterim ýokarlandy.

2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 115,4 göterim, çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 9,9 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13,1 göterim artdy.