Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji maýda Katar Döwletiniň Doha şäherinde BMG-niň Baş sekretarynyň howandarlygynda geçirilen Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş hem gatnaşdy. Türkmen tarapyndan agzalan duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew gatnaşdy diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşykda Owganystanyň häzirki syýasy-harby, ykdysady we ynsanperwer ýagdaýlary barada pikir alşyldy.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwer ýörelgeleri esasynda owgan halkyna yzygiderli kömekleriň berilýändigi barada nygtady.
Şeýle hem Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, bu ýurduň ykdysadyýetini ösdürmeklige gönükdirilen TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçirijisiniň we demir ýol ugry boýunça uly taslamalaryň amala aşyrylýandygy bellendi.
BMG-niň ýolbaşçylygynda geçirilýän şeýle duşuşyklaryň Owganystandaky ýagdaýlaryň kadalaşmagyna oňyn ýardam etjekdigi barada nygtaldy.
Mundan başga-da, Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde şu ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş sekretarynyň Ýakyn Gündogar, Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça kömekçisi Haled Hiari bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Owganystandaky ýagdaý barada özara pikir alşyldy. Türkmenistanyň Owganystan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, iri ykdysady taslamalary amala aşyrmak we owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermek boýunça amala aşyrýan işleriniň Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy.
H.Hiari, öz gezeginde, Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hem-de durnukly ösüş babatynda alyp barýan anyk işlerini aýratyn nygtady.