6-njy maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşyrguly Begliýew hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirmek bilen, ulgamyň öňünde belent wezipeleri kesgitländigini we onuň işiniň has-da kämilleşdirilmegi ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändigini belledi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory Maksat Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, daşary ýurtlaryň iri nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini toplumyň işinde giňden ulanmak, «Galkynyş» gaz käniniň ikinji, üçünji we dördünji tapgyrlary boýunça işleri güýçlendirmek, Hazar deňziniň sebitinde gözleg we özleşdirmek işlerini üpjün etmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny üns merkezinde saklamak meseleleri bilen bagly alnyp barylýan işler barada we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.
Şeýle-de, hasabat ýygnagynda wise-premýer Aşyrguly Begliýew ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda meýilleşdirilýän we alnyp barylýan iri gurluşyk taslamalaryny elmydama gözegçilikde saklamak, önümçilik-hojalyk kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, şu ýylyň 26 — 27-nji aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumynyň netijelerinden gelip çykýan wezipeleri dogrusynda giňişleýin belledi we degişli tabşyryklary berdi.
Hasabat ýygnagynyň dowamynda wise-premýer Aşyrguly Begliýew hormatly Prezidentimiziň toplumyň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de bu ugurda zähmet üstünliklerini gazanmagyň, önümçilik meýilnamalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň örän wajyp wezipeler bolup durýandygyny belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.