Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan we Gruziýa energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrýar
07.06.2023

5-6-njy iýunda Tbiliside geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň dördünji mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew, gruzin tarapyna Gruziýanyň wise-premýeri, Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Lewan Dawitaşwili ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar.

Energetika we ulag pudaklary esasy segmentleriň arasynda kesgitlenildi. Toparyň agzalary Türkmenistan bilen Gruziýanyň ulag we energetika pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigini bellediler we bu pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek isleýändiklerini aýtdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Toparyň ýolbaşçylary ýygnagy açyp, hökümetara gepleşikleriň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler we Türkmenistan bilen Gruziýanyň hyzmatdaşlygyny işjeň giňeltmäge taýýardygyny bildirdiler.

Taraplar ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm faktory hökmünde, Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňelmek we pugtalandyrylmak, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmek bolup durýandygyny aýtdylar.

Şeýle hem, topar medeni, gumanitar, ylmy we bilim pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini we möhümligini belläp geçdi. Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň arasynda sport we syýahatçylyk ugurlaryny hem bellediler.

Duşuşygyň netijesinde degişli teswirnama gol çekildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisiniň Tbiliside iki ýurduň telekeçileriniň, şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag pudaklarynda bar bolan iri söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.