Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topary döredildi
03.06.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topary döretmek hakynda karara gol çekdi. Bu resminama döwlet Baştutany geçen anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda emele gelýän parnik gazlarynyň, esasan-da, metan zyňyndy gazlarynyň möçberini yzygiderli azaltmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen kabul edildi.

Karar bilen pudagara toparyň düzümi we bu topar hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.

Belläp geçsek, 2021-nji ýylyň noýabrynda Serdar Berdimuhamedow Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde BMG-niň COP26 sammitinde eden çykyşynda Türkmenistanyň milli derejede metan zyňyndylaryny azaltmaga aýratyn üns berýändigini we şonuň bilen baglylykda «Metan boýunça ählumumy borçlulyk» başlangyjyny goldaýandygyny belledi.

Şol gezek hem Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejesini gazanmagy meýilleşdirýändigini, uzak geljekde bolsa, öz maliýe serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem halkara guramalarynyň tehniki we maliýe goldawynda zyňyndylary her ýyl düýpli azaltmagy meýilleşdirýändigi bellenildi.