Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Hökümet mejlisinde Hazardaky känleri özleşdirmekde maýa goýumlaryny çekmek meseleleri maslahatlaşyldy
05.06.2023

Hazar deňziniň türkmen böleginiň ygtyýarlandyrylan toplumlaryny özleşdirmek maksady
bilen “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlaryny we
kompaniýalaryny çekmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bu barada Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow geçen anna güni geçirilen Hökümet
mejlisinde habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň örän baý tebigy serişdelerini netijeli
peýdalanmak, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän uglewodorod ýataklaryny
çalt depginlerde özleşdirmek, tebigy serişdeleriň çykarylyşyny artdyrmaga mümkinçilik
berýän iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary we öňdebaryjy tehnologiýalary
ornaşdyrmak arkaly geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak bu
syýasatyň baş maksady bolup durýar.
Döwlet Baştutany ulgamyň öňünde durýan wezipeleriň çözülmegine oýlanyşykly hem-
de toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu ugurdaky
işleri dowam etdirmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Belläp geçsek, ýurdumyzda kenarýaka känlerini özleşdirmekde maýa goýum
mümkinçilikleri 26-27-nji aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen
Türkmenistanyň energetika ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça
Halkara göçme forumda maslahatlaşyldy.
Forumda Dragon Oil we Petronas  ýaly belli kompaniýalar Türkmenistanyň deňiz
känlerini özleşdirmekde tejribeleri bilen paýlaşdylar.
Göçme forumyň barşynda oňa gatnaşyjylara Hazaryň türkmen bölegindäki
ygtyýarlandyrylan toplumlar hakynda täze geologiki we beýleki maglumatlar habar
berildi.