Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Iş topary Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnama taýýarlar
05.06.2023

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary
söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş topary döredildi hem-de
onuň düzümi tassyklanyldy.
Geçen anna güni geçen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow
Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyran
iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Hususan-da, bellenilişi ýaly, BSG-niň wekilleri ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet,
Daşary işler, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliklerinde, Merkezi
bankda, Döwlet daşary ykdysady iş bankynda birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Olaryň
dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri
ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň öňünde dünýä hojalyk
gatnaşyklary ulgamyna has işjeň goşulyşmak wezipesiniň durýandygyny belledi hem-de
bu wezipäni netijeli çözmek maksady bilen, Türkmenistanyň BSG-niň çäklerindäki işini
işjeňleşdirendigini we geçen ýyl “işjeň synçy” derejesini alandygyny aýtdy. Munuň özi bu
ugurdaky toplumlaýyn işi dowam etdirmäge, döwletimiziň daşary söwdadaky ornuny

pugtalandyrmaga, ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde halkara abraýyny has-
da belende galdyrmaga, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge,
Bütindünýä Söwda Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýär.