Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagyň wajyplygyny nygtady
29.05.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde käbir resminamalaryň taslamalaryna we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebit guýularynyň önüm berijiligini artdyrmak we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen, nebitli guýularda gatlak suwunyň akymyny azaltmak, çäge we parafin dykylaryny ýuwmak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen bir hatarda, täze enjamlary ornaşdyrmagyň hasabyna “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň senagat we eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň möhümdigini belledi hem-de bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.