
2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Gazagystanyň ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy 72% artyp, 438 mln dollara deň boldy. Bu barada Gazagystanyň Ykdysadyýet ministrligi Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýaryň Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara gazak-türkmen 12-nji mejlisinde eden çykyşyna salgylanyp habar berdi. Mejlis 15-nji maýda Astanada geçirildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýewiň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlisiň jemleri boýunça oba hojalygy, energetika, ulag we logistika ulgamlarynda ylalaşyklaryň toplumyna gol çekildi.
Gazagystan KazakhExport eksport ätiýaçlandyryş kompaniýasy bilen Türkmenistanyň banklarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.
Taraplar Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesini ösdürmek boýunça bilelikdäki işleri dowam etmegi we demirýol aragatnaşygynda bäsdeşlige ukyply nyrh syýasatyny işläp düzmegi ylalaşdylar.
R.Sklýar şeýle hem türkmen-owgan serhedinde galla terminalynyň taslamasyny tiz wagtda durmuşa geçirmegiň zerurlygyny belledi.
Mundan başga-da, gazak wekiliýeti türkmen tebigy gazyny we suwuklandyrylan nebit gazyny satyn almaga gyzyklanma bildirdi. Şeýle hem ençeme ýyllaryň dowamynda Gazagystanyň üstünden tebigy gazy bökdençsiz üstaşyr geçirmekligiň amala aşyrylýandygy bellenildi.