Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Baş konsuly (Mary ş.) Abdolmajid Kamju bilen geçiren duşuşygynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklary barada nygtap geçildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Şeýle hem Mary welaýatynyň we Horasan-e-Rezawi welaýatynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk, hususan-da, söwda-ykdysady ugur we konsullyk hyzmatlaryny bermek babatyndaky hyzmatdaşlyk barada bellenildi.
Söwda, ulag we energetika ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi hem-de iki ýurduň serhetýaka welaýatlarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde yzygiderli duşuşyklaryň gurnalmagy boýunça pikir alşyldy.