GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
WTI nebitiniň bahasy Aziýa söwdalarynda peseldi
13.10.2026

13-nji oktýabrda Aziýanyň maliýe bazarlarynda WTI görnüşli nebitiň fýuçers şertnamalarynyň bahasy peseldi.

Investing.com neşiriniň maglumatlaryna görä, Nýu-Ýorkuň haryt biržasynda (NYMEX) noýabr aýynda gowşuryljak WTI nebitiniň bir barreliniň bahasy 1,30 göterim arzanlap, 92,52 ABŞ dollaryna deň boldy.

Bazaryň tehniki görkezijilerine laýyklykda, WTI nebitiniň bahasy üçin goldaw derejesi 88,77 ABŞ dollary, garşylyk derejesi bolsa 94,35 ABŞ dollary hökmünde kesgitlenildi.

Şeýle hem ABŞ-nyň dollarynyň alty sany esasy dünýä walýutasyna bolan gatnaşygyny görkezýän dollar indeksiniň fýuçersleri 0,16 göterim peselip, 102,21 derejede hasaba alyndy.

Londonyň ICE biržasynda dekabr aýynda gowşuryljak Brent görnüşli nebitiň fýuçers bahasy hem 1,21 göterim arzanlap, bir barreli 105,36 ABŞ dollaryna deň boldy. Netijede, Brent we WTI görnüşli nebitleriň fýuçers şertnamalarynyň arasyndaky baha tapawudy bir barrel üçin 12,84 ABŞ dollaryny düzdi.

Çeşme: Investing.com