Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitgaz pudagynyň täze gözýetimleri
09.04.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini we onuň halkara energoulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyny ugur edinýär. Ýurdumyzda bu ulgamda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem uly orun eýeleýär. Türkmenistan nebitiň we gazyň baý gorlaryna eýe bolup, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, energiýa çeşmeleriniň ugradylýan çäklerini giňeltmäge çalyşýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň we beýleki halkara forumlaryň mejlislerinde degişli meseleler boýunça Türkmenistanyň garaýşyny ençeme gezek beýan etdi. Milli Liderimiziň netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň doly goldawyna eýe boldy we olar 2008-nji hem-de 2013-nji ýyllarda kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen berkidildi.

Gahryman Arkadagymyzyň halkara başlangyçlary bu gün Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 78-nji sessiýasynda-da Garaşsyz Türkmenistan durnukly we ygtybarly energetika mobilligi hakynda Kararnamany kabul etmek başlangyjy bilen çykyş edýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň netijesinde, “Galkynyş” gaz käninde senagat ähmiýetli gaz akymynyň alynmagy bilen, ýurdumyzda ägirt uly ýerasty uglewodorod gorlarynyň bardygy ýüze çykaryldy. “Galkynyş” gaz käniniň gory «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklary bilen bilelikde 27 trillion kub metre golaý möçberde kesgitlenildi. “Galkynyş” gaz känini senagat möçberinde özleşdirmek pudagyň gaz binýadyny artdyrmak bilen bagly bolan giň gerimli maýa goýum taslamalarynyň biridir. Çeşmesi “Galkynyş” gaz käni bolan, “Asyryň taslamasy” diýlip atlandyrylan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi Milli Liderimiziň hut özüniň gatnaşmagynda 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda açylyp ulanmaga berlipdi. Şol sene hem nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin ýatdan çykmajak senä öwrüldi. Çünki şol günden bäri her ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudagynyň işgärleriniň güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär.

Häzirki wagtda türkmen tebigy gazyny dürli ugurlar boýunça eksport etmegiň çig mal binýady berkidilýär we düzümi ösdürilýär. “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek babatda alnyp barylýan işler hem muňa doly şaýatlyk edýär.

Häzirki döwürde türkmen energiýa serişdelerine bildirilýän isleg barha artýar. Şoňa görä-de, dünýä belli kompaniýalar we maliýe institutlary bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýarlar. Türkmenistanyň mawy ýangyjyň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek strategiýasy bolsa uglewodorod serişdelerini çykarmak mümkinçilikleriniň artdyrylmagyndan ugur alýar. Tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleri öndürmäge döwlet derejesinde uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap gazhimiýa toplumlary gurulýar we ulanmaga berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod çig malynyň düýpli gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilen önümçilikleriň kuwwaty tapgyrma-tapgyr artdyrylýar. Muňa mysal hökmünde tebigy gazy gaýtadan işläp, dürli önümleri öndürýän Gyýanlydaky polimer zawodyny, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawody görkezmek bolar.