Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary
21.02.2024

Nebitgaz sektory milli ykdysadyýetiň esasy pudagy, ýurduň strategik serişdesi bolmak bilen, esasy infrastrukturanyň wezipesini ýerine ýetirýär. Türkmenistanyň energetikasyny ösdürmegiň maksady, bir tarapdan, döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge ýardam etmek, beýleki tarapdan bolsa, onuň dünýä energetikasynda eýeleýän ornuny berkitmek we giňeltmek bolup durýar.

Şu ýylda hem ýangyç-energetika toplumy, hemişe bolşy ýaly, Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda kesgitlenen milli maksatlara ýetmekde hem-de strategik wezipeleri çözmekde ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryna ýardam etmelidir. Bu Maksatnama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanyldy.

Bu Maksatnamada ähli pudaklar boýunça önümçilik meýilnamalary hem-de şu ýyl garaşylýan makroykdysady görkezijiler beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleri ähmiýetli bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz içerki we daşary ýurt sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmegiň möhümdigini esasy maksatlaryň hatarynda görkezdi. Iş meýilnamasyna laýyklykda, 2024-nji ýylda «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň öňünde täze uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek hem-de ýangyjyň çykarylýan möçberini artdyrmak wezipeleri durýar. Şeýle hem suwuklandyrylan gazy öndürmek hem-de «mawy ýangyjy» we nebiti gaýtadan işlemekden alynýan önümleri daşary ýurtlara ibermek boýunça işler dowam etdiriler.

Hormatly Prezidentimiz «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça işleri güýçlendirmegiň, Hazar deňziniň sebitinde gözleg we özleşdirmek işlerini üpjün etmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmegiň zerurdygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, «Galkynyş» gaz käniniň gorlary Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen bilelikde alanyňda, gazyň 27 trillion kub metrine golaý möçberde kesgitlenildi.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy üns merkezinde durýar, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa geljekde hem aýratyn üns bermegi tabşyrdy. «Galkynyş» gaz känini işläp taýýarlamagyň üçünji tapgyry tutuş Aziýa sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge kuwwatly itergi berjek TOPH gaz geçirijisini «mawy ýangyç» bilen üpjün etmegiň çeşmesi bolup hyzmat eder.

Nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin öňden özleşdirilip gelinýän ýataklarda degişli işleri geçirmek, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Şolar bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz bu zawodlarda täze, ýokary hilli tehnologik önümçilikleriň döredilmegine ünsi çekdi.

Şeýle hem gazylyp alynýan peýdaly maddalaryň, gurluşyk materiallarynyň we ýerasty suwlaryň ýataklaryny gözläp tapmak boýunça geologiýa barlaglarynyň depginini artdyrmagyň möhümdigi bellenildi. «Türkmengeologiýa» DK-nyň hünärmenleri 2024-nji ýylyň iş meýilnamasyna laýyklykda, nebitiň we gazyň, gazylyp alynýan peýdaly maddalaryň we ýerasty suwlaryň ýataklaryny gözlemegi, şeýle hem innowasion tehnologiýalary we ylmyň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagy dowam ederler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Global metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi, şonuň bilen baglylykda, degişli döwlet maksatnamalarynyň birnäçesi, şol sanda Howanyň üýtgemegi boýunça milli maksatnama kabul edildi, olara laýyklykda, metanyň howa zyňyndylarynyň ýaramaz täsirlerini azaltmaga we ýok etmäge gönükdirilen çäreler görülýär.

Ýangyç-energetika toplumyna mundan beýläk-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de nebitgaz pudagynyň işgärleriniň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Pudagyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen iş meýilnamasynda ýaş hünärmenleri ylmy işlere çekmek boýunça çäreler göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagyna täze maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen halkara çäreleriniň birnäçesiniň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek. Mysal üçin, 24-25-nji aprelde Parižde (Fransiýa) Türkmen energetika maýa goýum forumy (TEMF), 5-6-njy iýunda Arkadag şäherinde Türkmen energetika ylmy maslahaty (TESC), 23-25-nji oktýabrda bolsa, Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly nobatdaky halkara maslahat we sergi guralar. OGT — 2024 möhüm pudaklaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde we täze çözgütlere ruhlandyrmakda sebitiň hem-de dünýäniň energetika ulgamlary üçin mäkäm binýat döredýär.