Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebiti gaýtadan işleýjileriň ynamly gadamlary
11.02.2023

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolan ilkinji ýyllarymyzdan başlap ägirt uly özgertmeleri başdan geçirýär. Milliardlarça amerikan dollary möçberinde maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi bilen bu toplumda katalitik reforminginiň we millisekunt katalitik krekinginiň, ýokary oktanly benzin, çalgy ýaglaryny, polipropilen öndürýän, dizel ýangyjynyň gidroarassalaýyş önümçiliginiň, şeýle hem üpjünçilik gurluşlarynyň häzirki zaman desgalary guruldy. Netijede, sanlyja ýylyň dowamynda nebiti gaýtadan işlemegiň önümçiliginiň iň häzirki zaman toplumy peýda boldy. Olaryň aglabasynyň diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, tutuş dünýäde-de deňi-taýy ýokdur.

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň kerwenbaşysyna öwrülen bu toplum etillenmedik awtomobil ýangyçlaryny, awiasiýa we tehniki kerosinlerini, reaktiw we dizel ýangyjyny, mazudy, çalgy ýaglaryny, polipropileni, peç ýangyjyny, ýeňil gazoýly, nebit elektrod koksuny, suwuklandyrylan gazy, gurluşyk we ýol bitumlaryny we ýene-de birnäçe nebit önümlerini taýýarlaýar. Toplumyň önümleri eziz Diýarymyzyň eksport potensialynyň esasyny düzýänligi bilenem möhüm ähmiýete eýedir.

Kärhanadaky her ýylda iki million tonna mazut almaga, 250 müň tonna suwuklandyrylan gazy hem-de 230 müň tonna pes oktanly ýeňil benzini gaýtadan işlemäge niýetlenen toplum häzirki zaman dünýäsiniň iň öňdebaryjy önümçilikleriniň kämil enjamlary bilen üpjün edilenligi bilen tapawutlanýar.

Şonuň ýaly-da bu ýerdäki desgalarda ýylyň ýylyna mazudy wakuumda gaýtadan işlemegiň esasynda benziniň hem-de suwuklandyrylan gazyň çig malynyň, bitum öndürmek üçin ulanylýan gudronyň ýüzlerçe müň tonnasy öndürilýär.

Ýeri gelende aýtsak, bu zawodlar toplumynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde bütinleý täze gurlup işe girizilen önümçilik desgalarynyň, medeni-durmuş maksatly ymaratlaryň sany ellä golaýlapdyr. Olara Irlandiýanyň, Çehiýanyň, Ýaponiýanyň, Eýranyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň, Ysraýylyň, Şotlandiýanyň, Şweýsariýanyň, Niderlandlaryň, Koreýanyň, ABŞ-nyň, Indoneziýanyň dünýä belli kompaniýalary potratçy bolup gatnaşypdyrlar. Bu sanawda türkmen telekeçileriniň amala aşyran taslamalarynyň hem özüne mynasyp ornunyň bardygyny buýsanç bilen aýtmak gerek. Ol desgalarda öndürilýän nebit we nebithimiýa önümleri bu gün dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar.

Türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň artmagynda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda möhüm orny eýeleýän bu kärhananyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze belentliklere ynamly göterilýändigi hem biziň buýsanjymyzdyr. Muňa toplum boýunça «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen on bir aýynda nebit çig malynyň 4 million 483,5 müň tonna golaýynyň gaýtadan işlenilip, bu baradaky meýilnamanyň 108,9 göterim berjaý edilmegi-de doly güwä geçýär. Gürrüňi edilýän hasabat döwründe bu ýerde awtoulag benzinlerini taýýarlamagyň umumy meýilnamasynyň 114,6 göterim, kerosin — 110,7 göterim, dizel ýangyjy — 111 göterime golaý, polipropilen — 119,6 göterim, çalgy ýaglary — 104,7 göterim, suwuklandyrylan gaz babatda bolsa 114,2 göterim berjaý edilendigini aýratyn nygtamak gerek.