GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Çelekeniň läbik wulkanlary Türkmenistanyň nebit ýataklarynyň syrlaryny açýar
16.06.2026

Çeleken nebit ýatagynyň geologik gurluşy gyzylreňkli toplumyň, akçagyl, apşeron, postpliosen döwürleriniň çökündilerinden durýar. Galyndylar, esasan, gaýtalanýan toýun, çäge, alewrit dag jynslaryny öz içine alýar. Meýdança Günbatar Aligul, Dagajyk we Gündogar böleklerden ybarat.

Nebit ýataklary, esasan, gyzylreňkli çökündiler toplumynda ýerleşýär, kesimde 11 sany önümli gatlak seljerilen. Uglewodorod birleşmeleriniň çäkleri çuňluk boýunça ulalýar we önümli gatlaklar meýdançanyň demirgazyk ganatynda ýerleşýär.

Meýdançanyň çäginde günbatardan gündogar ugur boýunça Günbatar Porsyköl, Gülgün Porsyköl we Dagajyk wulkanlary ýerleşýär. Wulkan önümleriniň häsiýetleri köp ýyllaryň dowamynda nebit we gaz ýataklarynyň gidrogeologiýa, gidrohimiýa hem-de nebitiň, gazyň we dag jynslarynyň geohimiýa laboratoriýalarynda öwrenilip gelinýär.

Pliosen çökündileriniň tebigy gazlary erkin, nebitde we suwda erän gazlardyr. Olaryň esasyny metan, kümürturşy, azot gazlary düzýär. Gazlar kükürtsizligi bilen häsiýetlendirilýär. Suwuň, nebitiň çykymlary Günbatar Porsyköl, Gülgün Porsyköl wulkanlarynda gaz bilen bilelikde ýüze çykýar. Çeleken käniniň Dagajyk böleginde 1,9 kilometr çuňluga çenli alnan nebitler 1,5 göterim parafin saklaýar. Çuňluk artdygyça, nebitiň düzümindäki parafiniň mukdary artýar. Günbatar Porsyköl we Gülgün Porsyköl wulkanlarynyň nusgalyk nebitiniň dykyzlygy 0,969 — 0,994 aralygynda üýtgeýär.

Läbik wulkanlarynyň duzlulyk derejesi ortaça 25 — 300 g/1 çäklerde üýtgeýär we gidrokarbonatnatrili, sulfatnatrili, hlorkalsili görnüşlerden durýar. Olaryň düzüminde ýod, brom, bor mikroelementleri saklanýar. Wulkan suwlarynyň nusgasy yzygiderli öwrenilip gelinýär.

Günbatar Porsyköl läbik wulkanlarynyň suwlary 50 g/1 duzlulygy bilen häsiýetlendirilýär we gidrokarbonatnatrili, sulfatnatrili, hlormagnili görnüşe degişli. Suwda sulfatlaryň 1500 mg/1, bikarbonatlaryň 4000 mg/l çenli mukdary saklanýar.

Gülgün Porsyköl läbik wulkanynyň suwlary gidrohimiki aýratynlyklary boýunça Günbatar Porsyköl wulkanynyň suwlaryna meňzeş, duzlulygy 25 — 30 g/1 barabar.

Soňky ýyllarda Çeleken meýdançasynyň çäginde grifon wulkanlarynyň emele gelmegi ýygylaşdy. Bu tebigy hadysalar ulanylýan guýularyň işleýiş düzgüniniň çylşyrymlaşmagyny ýüze çykarýar. 2015-nji ýylda emele gelen täze grifon wulkanynyň önümli gatlak şertlerine täsirini seljermek üçin «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirligi «Nebitgazylmytaslama» institutyna buýurma bilen ýüz tutdy. Meseläni çözmek üçin täze wulkanyň kraterinden nebit we suw nusgalary alyndy we barlaghana şertlerinde öwrenildi. Barlanan nusgalaryň haýsy önümli gatlaklara degişlidigi, wulkanyň köküniň çuňlugy anyklandy. Bu ugurda önümçilik hünärmenleri bilen bilelikde gözegçilik işleri alnyp barylýar. Gündogar Dagajyk wulkanynyň suwlary hlorkalsiý görnüşli, duzlulygy 150 — 160 g/1 barabardyr.

Günbatar Porsyköl we Gülgün Porsyköl läbik wulkanlarynyň kökleri has gadymy, mezozoý çökündilerinde ýerleşýär. Hlorkalsiý esasly dürli erginleriň gidrohimiki aýratynlyklary we ýokary duzly suwlaryň döreýşi basseýniň sedimentasiýa şertleri bilen üznüksiz baglanyşyklydyr.

Läbik wulkanlary nebitgaz ýataklarynyň emele gelmeginde, saklanmagynda, üýtgemelerinde kesgitleýji orny eýeleýär. Olar çökündileriniň nebitgazlylygynyň esasy görkezijisi bolup galýar. Geologik gurluş, nebitgazlylyk we wulkançylyk ýeke-täk genetiki bitewüligi düzýär.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti