Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary «Türkmennebit» DK-nyň edara-kärhanalarynda okuw-önümçilik tejribeligini üstünlikli geçdiler. Okuw meýilnamasyna laýyklykda guralan bu tejribelik ýaş hünärmenleriň nazary bilimlerini amaly iş tejribesi bilen utgaşdyrmaklaryny üpjün etdi. Talyplar tejribe döwründe konserniň edara-kärhanalarynyň dürli bölümlerinde önümçilik prosesiniň dürli tapgyrlary bilen tanyşdylar.
Tejribe döwründe talyplar dürli enjamlar bilen işlemek, nebiti we gazy çykarmak hem-de taýýarlamak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar iş meýdançalarynda işgärleriň ýerine ýetirýän işi, tehniki howpsuzlyk düzgünleri hem-de önümçiligiň guramaçylyk aýratynlyklary bilen ýakyndan tanşyp, tejribeli hünärmenlerden maslahat aldylar.
Okuw-önümçilik tejribeliginiň dowamynda gazanylan başarnyklar talyplaryň geljekde ýokary hilli we ösen tehnologiýalara eýe bolan pudakda netijeli işlemegine ýardam eder.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti







