Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Bitaraplygy – adamzadyň beýik gymmatlygy
09.12.2025

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy barha berkidýär. Şeýle hem Türkmenistan halkara giňişlikde parahatçylygy we ynanyşmagy dialog arkaly üpjün etmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary işjeň ilerledýär. Çünki 30 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň mizemez we mukaddes gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, ynanyşmagy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşýan saldamly goşandynyň belent ykrarnamasy boldy. Bu şanly ýylyň BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelmegi çuňňur mana eýedir. Sebäbi türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwer däplerine we parasatly durmuş ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi BMG-niň Tertipnamasynyň esasyny düzýän umumadamzat gymmatlyklaryna hem doly laýyk gelýär. Häzirki wagtda türkmen Bitaraplygy döwrüň möhüm meselelerini çözmekde döwletleriň we halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy höweslendirmäge oňyn täsir edýän şert hökmünde çykyş edýär. Şeýle hem ol köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk esasynda BMG-niň wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Ýurdumyz döwletara gatnaşyklarda we diplomatiýada «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýany öňe sürýär. Çünki dialog medeniýeti, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasyndaky gatnaşyklara ukyply we taýýar bolmak häzirki günde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Şu jähetden ugur alsak, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy möhüm ähmiýetli taryhy wakadyr. Ol ýurdumyzyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna, ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär.

Türkmenistan halkara giňişlikde köp sanly möhüm başlangyçlaryň we teklipleriň öňbaşçysy hökmünde olary dünýä bileleşiginiň bähbitleri bilen sazlaşdyrmaga hem uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň ähli başlangyçlarynyň syýasy-hukuk, mazmun taýdan binýadyny emele getirýän Bitaraplygyň ägirt uly döredijilik mümkinçilikleri bolup, olaryň ählisi bütin adamzadyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat edýär. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň belent paýhasyndan kemal tapýan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan öňe sürülýän şeýle başlangyçlaryň netijesinde, bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesi has-da belende galýar, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen dostana gatnaşyklary rowana menzillerde rowaçlyklara ýar bolýar. Eziz Watanymyz dünýä döwletleriniň biri-birine doganlyk goluny uzatmagy üçin ygtybarly ýollary açýar. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanydygyny tassyklaýan aýdyň hakykatdyr.

Häzirki wagtda biz hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda durus. Bu taryhy sene mynasybetli ýurdumyzda we dostlukly döwletlerde iri halkara çäreler yzygiderli guralýar. Çünki Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti örän ýokarydyr. Hususan-da, Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi biziň halkymyzyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda toplanan taryhy tejribesini, ynsanperwer taglymatlaryny, medeniýetini özünde jemleýän bitaraplyk ýörelgämize, dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyza berlen uly bahadyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni uly joşgun hem-de ýatdan çykmajak dabaralar bilen giňden bellenilip geçiler. Munuň özi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk we parahatçylyk döredijilik ýörelgelerine berk ygrarly bolup, hoşniýetli daşary syýasaty alyp barýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüler.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak bilen bir hatarda, dünýä we sebit abadançylygyny pugtalandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan dünýä nusgalyk beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Hydyr Bekmyradow,

"Türkmennebit" DK-nyň Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygy müdirliginiň esasy hünärmeni