Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy bilen dünýä jemgyýetçiliginiň goldawyna eýe boldy
20.11.2025

Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinden gelýän ajaýyp habar — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi, diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem bütin dünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm waka boldy.

Bu şatlykly we ruhlandyryjy habar ähli ildeşlerimizi begendirip, buýsandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesiniň ählumumy parahatçylygy goramak we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň dünýäde giň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyz parahatçylygy we dostlugy öňe sürýän Bitaraplyk ýörelgesini saýlady. Hemişelik Bitaraplyk asuda, agzybir we parahatçylykly durmuşda ýaşamaga ýol açýar. Bu ýörelge biziň parahatçylyga, dostlyga, ynsanperwerlige, hyzmatdaşlyga we ösüşe bolan garaýyşlarymyzy aýdyň görkezýär.

Häzirki wagtda hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylyk ýoly bolup, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýar. Watanymyz sebit we global derejesinde möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Bu başlangyçlaryň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan yzygiderli goldanylmagy, Türkmenistanyň döwlet abraýyny we halkara möçberdäki mertebesini has-da ýokarlandyrýar.

Jorakulyýewa Mamajan,

“Türkmennebit” DK-niň SNGIZ-nyň Umumy bölüminiň tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini barlamak boýunça inspector