Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň kepili
18.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda ýurdumyz — Türkmenistan — batly ösüş ýolunda öňe tarap ynamly gadamlar bilen barýar. Döwletimizde amala aşyrylýan içeri we daşary syýasat oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar.

Hemişelik Bitaraplyk derejesi dünýä döwletleri tarapyndan üç gezek tassyklanyldy. Bu ýagdaý Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň berkidilendigini hem-de onuň halkara hukugy taýdan ygtybarly esasynyň döredilendigini görkezýär. Şunda ýurdumyzyň BMG bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygynyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Türkmenistan bu abraýly guramanyň konwensiýalaryna goşulyp, halkara maksatnamalaryny işjeň öňe sürýär we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Şeýle hem 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň başlangyjydyr.

Geçen aý Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň çykyşynda beýan edilen pikirler Türkmenistanyň parahatçylyk, dostluk we ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmegiň tarapdarydygyny doly subut etdi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynda şeýle diýdi:
«Halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek — Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligini doly duýup, hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi ösdürmek arkaly durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli çäreleri mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyr».

Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Bu şanly sene BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen bir wagtda gelip ýetdi. Şeýle täsin gabat gelişmeler ýurdumyzyň her bir raýaty üçin uly buýsanç we guwanç çeşmesidir.

Rozykulyýew Ali,

“Türkmennebit” DK-niň SNGIZ-nyň Ýuridik topary, ýurist