Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň nebit pudagynda ýaş nesli ösdürýän “Hazar merjenleri” we “Tolkun” toparlary
10.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Bu günki gün Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli hem-de ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Ýaşlaryň döwrümiziň ruhuna kybap ösüp kemala gelmegi, zähmetde, döredijilikde, ylymda öz ukyp-başarnygyny görkezmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

TNGIZT-niň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň medeniýet öýüniň döredijilik guramalary häzirki zaman türkmen medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşýarlar. Hususan-da, 2009-njy ýylda döredilen “Hazar merjenleri” çagalar tans we folklýor topary hem-de “Tolkun” çagalar aýdymçylar topary diňe bir ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem halkara derejesindäki üstünlikleri bilen hem tanalýarlar.

“Hazar merjenleri” – türkmen folklorynyň ýaş elçileri

“Hazar merjenleri” topary döredilen ilkinji ýyllaryndan başlap birnäçe halkara sahnalarynda çykyş edip, türkmeniň baý milli medeniýetini dünýä tanatdy. 2010, 2013 we 2014-nji ýyllarda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Awaza dostluk mekany” halkara çagalar festiwalynda üstünlikli çykyş edip, diplom bilen sylaglandy. Şeýle hem bu topar Türkiýede geçirilen birnäçe halkara çärelerde ýurdumyzyň medeniýetini üstünlikli wagyz etdi: 2011-nji ýylda Bursada “23-Nisan” Bütindünýä çagalar festiwaly, 2012-nji ýylda Stambulda “Türk dünýäsi” festiwaly, 2016-njy ýylda bolsa Antaliýada geçirilen “23-Nisan” festiwaly we “EXPO-16” dabarasy munuň aýdyň mysalydyr.

“Tolkun” – zehinli ýaş sesleriň ýoly

“Tolkun” topary hem döredilen gününden bäri zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda möhüm ädim boldy. Toparyň agzalary 2010-njy ýyldan bäri “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” döwlet bäsleşigine yzygiderli gatnaşyp gelýärler. 2011-nji we 2017-nji ýyllarda bu topar Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çägindäki “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

2023-nji ýylda “Tolkun” topary “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, diplom bilen sylaglandy. Bu üstünlikler toparyň döredijilik derejesiniň ýylsaýyn ýokarlanýandygynyň hem-de olaryň halkara giňişlikde giňden tanalýandygynyň subutnamasydyr.

2025-nji ýylyň sentýabr aýynda “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleri boýunça Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 9-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Arzuw Orazowna Aganyýazowa hem ýeňijileriň sanyna girdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ähli ýeňijilere noutbuk kompýuterleri, planşetler we degişli diplomlar gowşuryldy.

Şeýle hem “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

“Hazar merjenleri” we “Tolkun” ýaly döredijilik toparlarynyň gazanan üstünlikleri diňe bir olaryň agzalarynyň zehinine däl, eýsem bu işiň başyny başlan, ýolbaşçylyk eden, halypalyk eden adamlaryň çeken yhlasy bilen baglanyşyklydyr. Bu toparlar ýurdumyzyň medeniýetiniň ösüşine we dünýä ýaýylmagyna saldamly goşant goşýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dagylaryň deňsiz-taýsyz tagallalary, atalyk aladalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik hem-de sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Amanalyýew Gurbanaly,

“Türkmennebit” DK-nyň TNGIZT-nyň “Kenar” toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň medeniýet öýüniň müdiri