Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Halk Maslahaty mynasybetli giň gerimli baýramçylyk çäreleri geçirilýär
19.09.2025

Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde 19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady.

Bu mejlis 2025-nji ýylda – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakasy bolar. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumda halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan paýhasly döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösýär. Munuň özi ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna getirdi. Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterim bolup, amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünlikli häsiýetini tassyklaýar. Şeýle-de ýurdumyzda maýa goýum syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça işler işjeň alnyp barylýar. Şonuň netijesinde sebitleýin we milli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, sebitleriň ykdysady kuwwaty pugtalandyrylýar.

Döwletimizde raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda döwrebap şäherleriň we obalaryň gurluşygy giň gerimde dowam etdirilýär.

Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňüsyrasynda Aşgabatda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy. Watanymyzyň esasy baýramynyň öňüsyrasynda her ýyl geçirilýän bu sergi milli ykdysadyýetimizde gazanylýan üstünlikleri, giň gerimde alnyp barylýan jemgyýetçilik-syýasy hem-de medeni-gumanitar özgertmeleri şöhlelendirýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda döredilen baý medeniýet bilen tanyşdylar. Aşgabat şäherindäki teatrlarda, kinoteatrlarda, muzeýlerde we konsert zallarynda giň möçberli medeni maksatnama guraldy. Ol ylham çeşmesine öwrüldi.

Teatrlaryň sahnalary myhmanlary täsirli sahna eserleri bilen garşy aldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda “Mukaddeslige tagzym” atly spektakl görkezildi, Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda bolsa “Gurbannazar Ezizow” atly spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy. “Aşgabat” kinoteatrynda “Törebeg hanym” atly filme tomaşa edildi, “Watan” kino-konsert merkezinde bolsa sungatyň gudratly dünýäsini beýan edýän “Nejepoglan” atly film görkezildi. “Türkmenistan” kino-konsert merkezinde bolsa “Kitap” atly film tomaşaçylara hödürlendi.

Medeni maksatnama diňe teatrlar we kinolar bilen çäklenmedi. Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet sirki tarapyndan guralan täsirli çykyşlardan hem lezzet aldylar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Watanymyzyň Garaşsyzlygy – halkymyzyň bagtyýarlygy” atly sergi açyldy. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna bagyşlandy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary edarasy bolan Halk Maslahatynyň her bir mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ähmiýetli waka bolup durýar.

Häzirki wagtda Halk Maslahaty tarapyndan alnyp barylýan işler ýurdumyzy ýokary derejede durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze, kämil mehanizmlerini döretmäge, bu işleri netijeli dolandyrmaga, kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmäge we ýerine ýetiriji edaralaryň guramaçylyk esaslaryny kemala getirmäge gönükdirilendir. Geljekde özgertmeleriň üstünlikli dowam etdirilmegi üçin dürli ugurlarda täze teklipleriň taýýarlanylmagyna zerurlyk bardyr. Şol bir wagtyň özünde bolsa esasy maksat – ilatyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek we her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmek bolup galýar.

Maral Gurbanowa

"Türkmennebit" döwlet konserniň "Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnalynyň redaksiýasynyň Sanly habarlar bölüminiň başlygy