
Şu ýylyň 4 — 8-nji awgustynda ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara maslahatynyň geçirilýän ýerine öwrüler. Ýokary derejeli forum Türkmenistan we BMG tarapyndan bilelikde guralýar.
Bu halkara maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Gahryman Arkadagymyz şol çäreler toplumynyň jemi 7 sany esasy ugry öz içine alýandygyny aýtdy, olaryň hatarynda durnukly energetika hem bar.
Wekilçilikli halkara maslahatyň çäklerinde bu meselä garalmagy tötänden däldir. Durnukly energetika — bu häzirki we geljek nesilleriň energiýa bolan islegini üpjün etmek bilen, daşky gurşawa ýaramaz täsiri azaldyp hem-de durmuş adalatlylygyny we ykdysady netijeliligi üpjün etmek üçin çözgütleri gözläp tapmagy we ornaşdyrmagy ugur edinýär.
Durnukly energetika babatda syýasat we höweslendirmeler tutuş dünýäde uly ähmiýete eýe bolýar. Ýurtlar önümçiligi we energiýanyň sarp edilmegini durnukly çeşmelere gönükdirmek üçin dürli strategiýalary we höweslendirmeleri amala aşyrýarlar. Mysal üçin, Ýewropa Bileleşigi 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden sarp edilýän energiýanyň azyndan 32 göterimini almagy öz öňünde wezipe edip goýýar.
Durnuklylyk, dikeltme uzakmöhletli döwürde energiýa bolan islegi kanagatlandyrmagyň meýilleşdirilmegini talap edýär. Iki ugurda hem täze tehnologiýalar yzygiderli işlenip taýýarlanylýar hem-de energetika geçmek üçin innowasion çözgütler gözlenilýär. Bu babatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrýan taslamalaryny, ozaly bilen, TOPH gaz geçirijisini görkezmek bolar. Türkmenistan öz energiýa serişdeleriniň ählumumy bähbitler üçin ulanylmagynda uly kuwwatyny teklip edip, durnukly maksatlary we olara ýetmegiň mümkinçiliklerini beýan edýär.
Ýangyç-energetika toplumynyň energetika özgerişligini kesgitleýän möhüm şert — ekologiýa talaplary. Mälim bolşy ýaly, durnukly energetika uglerod gazyny azaltmaga gönükdirilendir. Gazylyp alynýan ýangyjyň esasynda energiýanyň öndürilmegi zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny azaltmaga hemaýat edýär. Energiýanyň durnukly çeşmelerine geçilmegi suw serişdelerini we tebigaty goramaga ýardam edýär.
Arassa energiýa geçmek — ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň maksady.
Türkmenistan zyýanly gazlaryň pes zyňyndylary bolan energetika geljegi gazanmakda tebigy gazyň möhüm we netijeli orny eýelemäge ukyply boljaklygyndan ugur alyp, energiýa çeşmelerini we olary ugratmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem ygtybarly we howpsuz ulag geçelgelerini ösdürmek maksady bilen energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek babatda bilelikdäki işleri dowam etmegi teklip edýär. Metanyň howa zyňylmagynyň ýaramaz täsirlerini azaltmak we ýok etmek maksadynda umumy döwlet çäreleri amala aşyrylýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde durnukly energetika bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy BMG-niň Durnukly ösüş babatda maksatlaryna ýetmek boýunça dünýä bileleşiginiň ýurtlarynyň borçnamalaryny ýerine ýetirmekde olaryň derwaýyslygyny tassyklaýar. Bu meselä bagyşlanyp geçiriljek çäreler energiýa diplomatiýasyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine baha bermäge, täze tehnologiýalary döretmek we ornaşdyrmak hem-de arassa energetika geçmek, şeýle hem energiýa howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak boýunça meseleleri çözmekde esasy ugurlara täzeden seretmäge mümkinçilik döreder.
Leýli AŞYROWA
"Nebit-gaz" gazetiniň habarçysy
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti