Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
ÇELEKEN — BAÝLYKLAR MESGENI
04.03.2025

Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýerleşýän Çeleken ýarym adasy, bilermenleriň tassyklamaklaryna görä, uglewodorod çig mallarynyň juda köp gorlaryny öz goýnunda toplaýar. Bu ýerden çykarylýan nebitiň hasabatyny ýöretmek 1876njy ýyldan başlap ýola goýlupdyr. Günbatardan gündogarlygyna uzalyp gidýän ýarym adanyň häzirki tutýan meýdany bäş ýüz inedördül kilometre golaýlaýar. Ýarym ada geologik taýdan Hazar depressiýasynda ýerleşip, mezozeý we çetwertik döwrüň çökündi jynslaryndan düzülendir. Tektonik hereketiň netijesinde ol ençeme gezek kese we dik döwülmelere uçraýar hemde belli bir ugry bolmadyk döwüm liniýalaryny emele getirýär. Hut şu ýagdaýyň özem ýeriň çuň gatlaklaryndan läbik wulkanlaryň atylyp, ýodlybromly suwlaryň çogup çykmagyna getiripdir. «Çar» we «kän» sözlerinden emele gelen Çeleken sözi «dört kän» ýada «dört baýlyk» (nebit, nebitdakyl, duz, boýag) diýen manyny berýär. Ir döwürlerde Akjaýar diýlip atlandyrylan häzirki Hazar şäherçesinde ýod, brom, gurum öndürmek onlarça ýyllar bäri üstünlikli ýola goýulýar.

Mundan üç ýyl öň Gündogar Çeleken meýdançasynda gazylan 707 nji baha beriş guýudan bol nebit akymynyň alynmagy aýratyn buýsançly pursatlaryň biri bolupdy. Ol adaty guýulardan ýapgytlaýyn usulda gazylanlygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi Çeleken ýarym adasynda mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde gürrüňi edilýän usulda burawlanan ilkinji guýudy. Sakasy gury ýerde ýerleşdirilip, Hazar deňziniň suw ýalpaklygyndaky böleginiň çäklerinde sütünleri ýapgytlaýyn ugrukdyrylyp gazylan bu guýudan häzir her gijegündizde alynýan ne­bi­tiň möç­be­ri 10 — 12 ton­na barabardyr. Soňy bilen bu hazynalar mesgeninde ýapgytlaýyn burawlanan 712nji we 717nji guýular hem bu gün bol nebit berýär. Burawlaýşyň bu usuly diňe bir ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen çäklenmän, ol tehniki taýdan howpsuzlygy we ekologiýa babatda arassalygy bilen hem tapawutlanýar. Sebäbi buraw desgasynyň esasy sütüni deňziň kena­ryn­dan 450 — 475 met­re ba­ra­bar daşlykdaky gury ýerde ýerleşdirilip, bellenilen çuňluk geçilenden soň, ol deňziň suw ýalpaklygyna tarap ugrukdyrylýar. Taslama çuňlukdaky nebit alnyp gutarylandan soňra ondan ýokarda galan gatlaklardaky çig maly almak mümkinçiligi burawlaýşyň dolanyşyga ornaşdyrylýan bu usulynyň juda bähbitlidiginiň subutnamasydyr.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirligi bolsa bu ýerde «gara altyndyr» «mawy ýangyç» çykarmak bilen meşgullanýar. Bu hazynalar käninden uglewodorod çig mallaryny almagyň geljegi, esasan, deňiz ýalpaklyklaryna degişlidir. Şeýle ýataklaryň birnäçesi mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň özleşdirilip başlandy. Şol bir wagtda ýarym adanyň gury ýer böleginde hem nebit çig malynyň gorlary köpdür. Agtaryşgözleg guýulary gazylan pursadynda alnan netijeler ýarym adanyň gündogar böleginde gorlary boýunça az bolmadyk gatlaklaryň jemlenendigini görkezýär. Munuň özi Günbatar Türkmenistanyň şertlerinde çuň we has çuň guýulary burawlamagyň ykdysady taýdan netijeliligini ýokarlandyrmakda Çeleken ýatagynyň geljeginiň uludygyna güwä geçýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň garamagyndaky hereket edýän guýulardan alan «gara altynynyň» möçberi 4 müň 961 tonna barabar boldy. Bu görkeziji hasabat döwri üçin bellenilen meýilnamanyň 106 göterimden hem geçirilip berjaý edilendiginden habar berýär. Şunda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gazanylan ösüş depgini 102 göterime barabar bolupdyr. Gürrüňi edilýän hasabat döwründe bu kärhana boýunça ugurdaş gazyň 52 million kub metrden gowragy çykarylyp, meýilnama 174 göterim amal edilipdir. «Hormatly Prezidentimiziň nebitçilere berýän hemaýatgoldawlary bizi has netijeli işlemeklige ruhlandyrýar. Häzirki wagtda müdirligimiz boýunça önüm berýän guýularyň umumy sany 180e golaýlap, olaryň her biri hemişe berk gözegçilikde saklanýar. Çeleken ýarym adasynyň gury ýer böleginde häzirki wagtda hereket edýän guýularyň taslama çuňluklary 1 müň 200den 2 müň 750 metr aralygyndadyr. Geologlaryň tassyklamaklaryna görä, ýarym adanyň has çuň gatlaklarynda nebit çig malynyň gorlary az däl. Ýakyn ýyllarda Günbatar Çeleken we Dagajyk ýataklarynyň her birinde üç sany täze guýulary gazmak göz öňünde tutulýar. Olaryň geljekde netijeli peýdalanylmagy ýarym adanyň täze ösüşlerine badalga bolar» diýip, müdirligiň baş geology Döwran Baýramow ynam bilen aýdýar.

çeşme: Nebit gaz gazeti